Lebap welaýaty

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde bilim, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde bilim, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Bäsleşigiň etrap tapgyry

  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, türkmen gelin-gyzlaryna, zenanlaryna uly sarpa goýulýar. Olaryň jemgyýetde mynasyp orna, bagtyýar durmuş eşretlerine eýe bolmaklary ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bel­leý­şi ýa­ly, Wa­ta­ny­myz­da giň ge­rim­li iş­le­ri ama­la aşyr­mak­da, ösüp gel­ýän ýaş nesli milli däplerimize we adatlarymyza laýyk terbiýelemekde, maşgala mukaddesliklerimizi hem-de jemgyýetimiziň jebisligini berkitmekde zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bar.

Arkadagly Diýarda

Ajaýyp ýurdumyzda agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň hoşniýetli ýagşy arzuwlar bilen garşy alan Tä­ze — 2020-nji ýy­ly «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň mekany» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy giňden bellenip geçiljek ýylymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň iň bir düşümli, rysgal-döwletli we taryhy wakalara baý ajaýyp ýyllaryň biri boljakdygyna, biz tüýs ýürekden ynanýarys. Çünki Arkadagly Diýara ýyllar bagt bolup gelýär.

ELLERI ÇEPER, EDEP-EKRAMLY GÖZELLER

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň guramagynda, Lebap welaýatynyň etrap-şäherlerinde «Arkadagly rowaç Watanyň buýsançly zenanlary» diýen at bilen aýdym-sazly, öwüt-ündew çäreleri geçirildi.

DÜNÝÄ MÄHIR BILEN NURLANÝAR

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz mähir Eneler öz mähri bilen öý-ojagyň abadanlygyny, il-ulsuň abatlygyny üpjün edýärler. Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir.

 

ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

Şu günler ata Watanymyzyň ähli künjeginde şanly Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli dürli medeni çäreler, bäsleşikler giň gerimde geçirilýär. Türkmenabat şäheriniň görküne görk goşup oturan „Lebap“ söwda we dynç alyş merkeziniň toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenabadyň  Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara hem diýseň gyzykly geçdi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com