Mary welaýaty

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde etrap ýaşlar geňeşi tarapyndan «Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmek üstünligiň açarydyr» diýen at bilen etrabymyzyň bilim işgärleriniň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

ASYRLARDAN DOWAMLY ZENAN EDEBI

Şeýle at bilen Mary şäheriniň merkezindäki ajaýyp «Bagt köşgi» dabaralar merkezinde zenan edebine, asyllylyga, gaýyn-gelin, gelneje-baldyz gatnaşyk-laryna, ýaş çatynjalaryň maşgala mukaddesligine bolan garaýşyny pugtalandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
    Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, Mary şäher geňeşi tarapyndan guralan öwüt-ündew ähmiýetli çärä welaýat we şäher zenanlar geňeşleriniň işjeňleri, döwletli ojaklaryň söýesi mährem eneler, şeýle ojaklarda ýaşaýan gyz-gelinler, ýaş çatynjalar gatnaşdylar.

ŞATLYK-ŞOWHUNLY ÇÄRE

2019-njy ýylyň— «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylmagy welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynda uly ruhubelentlik duýgusyny oýardy. Şanly ýylyň şanyna TDP-niň welaýat we Wekilbazar etrap komitetleri tarapyndan «Arkadagyň saýasynda rowaçlanýar Watanym» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. 

GÜLLE SEN, ROWAÇLANÝAN, EÝ EZIZ WATAN!

Parahatçylygyň, abadançylygyň, dynçlygyň we egsilmez rysgal-berekediň ýyly boljak 2019-njy ýylymyz halkymyzyň islegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edildi. Garaşsyz, Bitarap döwletimizde döwrüň talabyndan ugur alnyp, gadam basylýan her bir ýylymyzy döwrebap atlandyrmak ýörelgesi indi asylly däbe öwrüldi.

ENE MUKADDESLIKDIR WE DÖWLETLILIKDIR

Golaýda Oguzhan şäherçesiniň merkezinde ýerleşýän «Nowça» çagalar bagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym—mukaddeslige tagzym» kitaby boýunça «Dünýäniň bar görki enedir-ene» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Çärede TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy K. Hojamyradow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni J. Şiriýewa, etrap zenanlar birleşmesiniň başlygy G. Jumaýewa çykyş etdiler.

MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu ýylyň sentýabr aýynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen. Türkmenistanyň ,Halk maslahatynyň birinji mejlisi, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň 2-nji kitabynyň çapdan çykmagy üstümizdäki ýylyň şanly wakalary boldy. Häzirki wagtda bolsa, Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ady agzalan kitabyny ilatyň arasynda  wagyz etmek giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com