Mary welaýaty

KALPLARDA BAÝRAM, ÄLEMDE ŞATLYK

8-nji Mart — Halkara zenanlar baýramyna bagyşlanan dabarada bu hakykatdan-da şeýle boldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan Wekilbazar etrap medeniýet öýünde guralan aýdym-sazly dabara zenanlar baýramyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Baýramçylyk dabarasyna welaýat zenanlar bölüminiň agzalary, etrap-şäher zenanlar geňeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işjeňleri, ömri nusgalyk mährem eneler, edara-kärhanalarda işleýän zenanlar, ýaşlar gatnaşdylar.

ENELER ŞAT-DÜNÝÄ ŞAT

Tebigatda ýaz paslynyň joşa gelýän wagtynda, ýagny, mart aýynda bellenilýän zenanlaryň baýramy mynasybetli Baýramaly şäherindäki «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şäher häkimligi, şäheriň jemgyýetçilik guramalary, TAP-nyň şäher komiteti tarapyndan geçirilen çärä edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda, bilim, medeniýet ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, zähmetde tapawutlanýan öňdebaryjylar, köp çagaly enelerdir ýaşlar, döwlet sylagyna eýe bolan zenanlar, ýaşuly eneler gatnaşdylar.

BAÝRAM GELDI BAHAR GÜLLERI BILEN

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Baýramaly şäher bölüminiň we TKA-nyň şäher birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda şäheriň «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli çäre geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň edarasyna gelip, bu ýerde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, şeýle hem medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirmegi biziň başymyzy göge ýetiren be

Soňky ýyllarda ajap eýýamymyzyň kämil kanunçylygyny raýatlara düşündirmeklige uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilýän şeýle çäreler raýatlaryň hukuk sowatlylyklaryny ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Golaýda Mary şäher häkimliginiň uly ýygnaklar zalynda geçirilen maslahat

ZENAN MERTEBESI BELENTDE

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň Mary şäher geňeşi welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde şäher häkimliginiň mejlisler zalynda zenan edebi hakynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi Bu maslahaty şäher häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň şäher geňeşiniň başlygy Bahar Torumowa alyp bardy. 01 ilki bilen hormatly Arkadagymyzyň zenanlar baradaky aladalary, sekiz we sekizden köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren enelere goýulýan hormat we döwletimiz tarapyndan edilýän ýeňillikler hakynda giňişleýin çykyş etdi.

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde etrap ýaşlar geňeşi tarapyndan «Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmek üstünligiň açarydyr» diýen at bilen etrabymyzyň bilim işgärleriniň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com