Sport

Aziada tarap ynamly ädimler

Olimpiýa şäherjigi. Aprel. Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň türgenleşik zaly. Agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty. 100 kilogramdanam agyr agramdaky ştangany götermek üçin türkmenistanly zenan türgen çagyrylýar. Soňky, ilki-hä, dartgynly, soňra bolsa buýsançly, ýeňişli medallara, pursatlara şaýat bolup otyrkam...

Olimpiýa şäherjigi. Aprel. Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty. Türkmenistanly zenan türgen batyrgaýlyk bilen düşekçä çykýar-da, yklymyň iň güýçli türgenleriniň hatarynda görkezilýän garşydaşyny salymyny bermän ýeňýär. Ýeňiji türkmen gyzyny ýaryşa ýygnanan tomaşaçylaryň ählisiniň şowhunly el çarpyşmalar bilen gutlaýanyna şaýat bolup otyrkam...

Olimpiýa şäherjigi. Aprel. Gysga aralyga suwda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty. 15 ýaşly türkmen gyzy sebitiň iň gowy suwda ýüzüjileri bilen bäsleşip, kümüş medala mynasyp bolýar. Suwda ýyldyrym tizligini ýatladyp ýüzen, medal gowşurylyş pursadynda-da Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşyň ýeňijisi bolmak bagtynyň begenç gözýaşlaryny bukup bilmän duran gyz bilen deň tolgunyp durkam tumarlylar, harmandäliler, zarinalar, banu çeçekler we ýene-ýeneler göz öňüňe gelýär.

Türkmen türgenler 3x3 basketbol we uşu boýunça ýaryşyň ýarym finalyna geçdiler

Şenbe güni Bakuwda geçirilýän IV  Yslam raýdaşlyk oýunlarynda Türkmenistanyň zenanlar 3x3 basketbol topary we uşuçysy ýarym final tapgyra geçmegi başardylar.

3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar topary ýarym final tapgyryna geçdi
Türkmen zenanlar topary 3x3 basketbol boýunça geçirilýän bäsleşikde Siriýanyň toparyny 16-14 hasap bilen ýeňip we ýarym finala geçip, medal gazanmaga bir ädim golaýlaşdylar. Oýnuň dowamynda Aýna Gökowa birnäçe synanyşyk amala aşyryp 10 utuk gazandy we toparyň iň gowy oýunçysy hökmünde çykyş etdi.

Bakuda agyr atletikaçy Polina Gurýewanyň türkmen türgenleriň arasynda ilkinji altyn medaly

Baku şäherinde geçirilýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda Polina Gurýewa öz Watany üçin ilkinji altyn medaly gazandy. Bu gün hem agyr atletika, hem suwda ýüzmek boýunça türkmen türgenleriniň medal gazanan üstünlikli günleriň biridir.

Bakuda Türkmenistandan birinji medaly Lohowa gazandy

Ýekşenbe güni zenanlaryň arasynda 70 kg agram derejede bürünç medal üçin tutluşykda öz garşydaşy bolan marokkoly Hafsa Ýatimdan üstün çykyp, IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleriniň içinde birinji medala dzýudoçy Mariýa Lohowa mynasyp boldy. Bu agram derejede altyn medaly özbegistanly Gulnoza Matniýazowa Sukran Bakajak (Türkiýe) bilen final tapgyrda ýeňiji bolup, altyn medalyň eýesi boldy.

Oýunlaryň ilkinji ýekşenbe güni türkmen türgenleri boks ringde hem çykyş etdi.

Aşgabatda Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň Kongresi geçirildi

“Aşgabat” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň Kongresi geçirildi, onuň barşynda 23-29-njy aprel aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde sportuň bu görnüşi boýunça geçiriljek Aziýa çempionatyny guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän yklym derejeli ýaryşlara Ýaponiýadan, Hytaýdan, Günorta we Demirgazyk Koreýadan, Omandan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Yrakdan – jemi 30-dan gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşar. 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda geçiriljek sport ýaryşlaryň tertipnamasy yglan edildi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek ýaryşlaryň tertipnamasyny yglan etdi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com