Zenan kalby

BAGTYÝAR ZENANLAR — WATAN BUÝSANJY

 

ÝEŇSIZIŇ TÄZE BIÇÜWI

Biziň ýaşlarymyza, ýaşulularymyza ýaşyl, gök, goýy gyzyl reňkli begresden keteniden, galňas ýüň matalardan ýeňsizler örän oňat gelişýär. Ýeňsizler arkaňy, gursagyňy şemaldan, sowuklamadan goraýar.

Keçeli tör — arzyly

Keçe — türkmen öýüniň ýaraşygy. Sap keçäniň syna ýaramy has başgaça. Ene-mamalarymyzyň bu düşegi senet derejesine ýetirmegi ýönelige däl. Çünki gadymy ýaşaýyşly ilimizde keçe, hakykatdanam, ömre söýget, saglyga rowgat bolup hyzmat edipdir. Meýdanda, ýazlagda düşlenende keçesini düýp düşek edinip düşenensoň, meýdanda-örüde gije rahat ukusyny almak isleýän düşlegçi ýorgan-ýassygyny, körpeçesini ýazyp, arkaýyn dem-dynç alypdyr.

Durnukly ösüşlere sary

    Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanynyň milli medeni we ruhy-ahlak baýlygynyň bir bölegi hökmünde mertebesiniň belent bolmagyny, olaryň hak-hukuklarynyň goralmagy, erkekler bilen bir hatarda durmuşyň ähli ulgamlarynda deň şertlerde zähmet çekmeklerini we jemgyýetiň işeňňir agzasy bolmagyny üpjün etmekligi özüniň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm bölekleriniň biri hasaplaýar. Munuň şeýledigi ýurdumyzda alnyp barylýan gender syýasatynyň mazmunynda aýdyň görünýär.

Bu ajap eýýamda ajapdyr çaglar

10 ýyl! Bu möhlet kän bir uzak aralygam däl. Emma şol döwrüň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçen şanly wakalara, taryhy senelere ser salanyňda welin, «Sanlyja ýylyň içinde ýurdy nädip bu derejä ýetirip bolar?!» diýen sowal öňümizde keserýär. Çünki on ýylyň içinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde gazanylan netijeler, ýetilen belent sepgitler sanardan gaty kän. Mähriban Arkadagymyz bizi döwletli-döwrana, ajap eýýama ýetirdi.

Dünýä rekordyny gazanan ilkinji zenan

27 ýaşly amerikan zenany Kassandra De Pekol bu syýahata 2015-nji ýylyň iýul aýynda başlady. Syýahatyň dowamlylygy 18 aý, 26 güne deň boldy. Kassandra dünýäniň 196 döwletinde bolup, iki gezek dünýä rekordyny goýmagy başardy. Ol dünýäniň ähli döwletlerinde syýahatda bolan zenan hökmünde, şeýle hem bu syýahaty beýlekilere garanyňda, gysga wagtda amala aşyran ilkinji adam hökmünde taryha girdi. Öň bu rekordy gazanan ABŞ-dan professor Ili Lýu bolup, ol bu syýahaty 3 ýyl 3 aý we 6 günüň dowamynda amala aşyrypdy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com