2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Zenan kalby

Sport gadymy ýoluň şanyna şan goşýar

Ynsan topragy «Ene toprak», «Ene ýer» diýip arzylaýar. Ene derejesine çenli beýgelen toprak hem bütin synasy bilen hemişe ynsana hyzmat etmegiň aladasyndamyş. Şol hyzmat hem ony bagtly edýärmiş. Köne kitaplaryň birinde topragyň synasyndaky her bir ýeriň ýa-ha ekin meýdany, ýa-da adamlar geçer ýaly ýol bolmagyň arzuwyndadygy barada okapdym. Beýik Ýüpek ýoly hakynda oýlananyňda, bu şanly ýoluň geçen topraklarynyň bagty hakynda-da biygtyýar oýa batýarsyň.

Bagtdan paýly zenanlar

Bu gün Beýik Ýüpek ýoluna ýürek bolan ata Watanymyzyň goýnundan dünýäniň çar künjegine dostluk salamy, türkmen köňlüniň kelamy ýaýraýar! Bu gün türkmeniň goşa tary bagtyýarlygy wasp ede-ede saýraýar, toýlarda hatar-hatar toý gazanlary gaýnap, ilimiz bagt deňzini boýlaýar! Ine, şeýle zamana bagta ýarlyk, bagtyýarlyk zamanasy diýilýär! Ine, şeýle döwürlerde ynsanlaryň kalbyna ylham bulagy guýulýar, jahana hoşniýetlilik, ynsansöýüjilik nury çaýylýar.

Zynatym — köňül ganatym ýa-da zenan dünýäsiniň aýnasy

                   Ynsan göwni gözellige teşne. Ol özüni synlan dideleri erksiz yzyna düşürýär-de, sungatyň syrly dünýäsine seýrana çykarýar. Bu gezekki söhbedimiz öýlerimiziň törüniň bezegi bolan türkmen keçesine ömrüni bagyş eden zenan barada...

Arkadagyň ylhamy- Aşgabadym gözelligiň göwheri

Durmuşda ýakymly wakalara beslenen şeýle bir pursatlar bolýar, hatda kerwen gurap geçip barýan ýyllaram olaryň täsirini egsip bilmeýär. Ol pursatlar hemişe ynsana ýakymly ýatlamalary peşgeş berip, ajaýyp duýgularyň ýumagyny çözläp gezýär. Şoňa görä-de, şol pursatlary ýatlan mahalyň her bir adamyň ýüregini mähir-muhabbet gurşap alýar. Şeýle ýakymly pursatlaryň biri güýz gününiň säherinde gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyrynyň açylyş dabarasydyr.

BAGTYÝAR ZENANLAR — WATAN BUÝSANJY

 

ÝEŇSIZIŇ TÄZE BIÇÜWI

Biziň ýaşlarymyza, ýaşulularymyza ýaşyl, gök, goýy gyzyl reňkli begresden keteniden, galňas ýüň matalardan ýeňsizler örän oňat gelişýär. Ýeňsizler arkaňy, gursagyňy şemaldan, sowuklamadan goraýar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm