Zenan kalby

Kürte biçüwi

Ir wagtlar kürteler şu günlerki kürtelerden uzynrak we giňräk biçilerdi. Nagyşlary ýerbe-ýer, örän inçe keşdelenerdi. Kürteler peti gowşap göwşülleşse-de, görküň öýi kimin başa täç edilip bürenilerdi. Synçylaryň belleýşine görä, kürteleriň giňliginde-de uly many bardy.

Goýy garaýaşyl reňkli kürtelik keteniden boýy 2 metr 14 sm parçany kesip almaly we ketenini dikligine iki epläp, gerşini sypap, ýakanyň arka giňligini 15 sm bellemeli. Onsoň tikin parhyny hasaba alyp, ini 12 sm, boýy 2 metr 30 sm keşde ýakalyk biçmeli. Keşde ýakalygy tutuş biçmek keşdeçiler üçin hem has amatlydyr.

Jümle-jahan gözelligiň baýramy

Şu ýylyň 21-nji martynda külli türkmen halky Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi köpöwüşginli dabaralar, şatlyk-şagalaň we ruhubelentlik, iň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşyladylar.

Aşhana gurallarynyň taryhyndan

Aslynda, biziň her birimizi gören, eşiden zatlarymyzyň taryhy, gelip çykyş rowaýaty mydama gyzyklandyrýar. «Kim? Haçan? Nirede? Nädip?» Bu sowallary biz çaga wagtymyz ene-atamyza berýärdik. Kähalatda iň ýönekeý soraglar-da bizi pikirlenmäge mejbur edýär.

ALAJA GÖRKI

Alaja türkmen zenanynyň ajaýyp, gudratly sungaty. Alaja gadymdan bäri türkmen milli medeniýetiniň ähli hünärleriniň içinde eriş-argaç gözellik berip, şu ajaýyp zamanamyzda ösen derejede dowam edýär.

Gyýkyndylardan döreýän gözellik

Aýgüljük dogany Bahargül her gezek durmuşa çykýan gyzyň bukjasyny görmäge äkitjek diýse, buýran ýumşuny ylgap-ylgap ederdi. Eliň çeperligi bilen iliň öwgüsini gazanmak höwesi onuň çaga ýüreginde şol döwür şineläpdi. Ejesidir uly gyz dogany näme biçip-tikseler, mata bölejiklerini üýşürip, kiçijik gaýçysy bilen gyrkyşdyrardy. Özüçe gurjaklaryna ülňüsiz köýnek biçip-tikerdi. Dürli mata bölejiklerinden guramalap, gurjaklaryna düşekçe tikerdi. Ownuk-uşak matalardan döreýän bu gözellik Aýgüli özüne çekdi.

BEGRES BIÇÜWI

Türkmen milli begresi,
Basma nagyş degresi,
Ajap donlar içinde,
Salyhatly, agrasy

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com