Zenan kalby

Öýdümleri owadan

Dünýäde meşhurlyga eýe bolan halyçylyk sungatymyz halkymyzyň naýbaşy gymmatlygy, milli buýsanjy hökmünde arzylanýar. Haly we palas dokmaçylygy gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdyp, onuň inçe tärleri dokmaçylar tarapyndan biziň günlerimize çenli dowam etdirilýär.

Bagtlylygyň baş şerti

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen aprel aýynyň 5-inden maý aýynyň 5-ine çenli aralykda ýurdumyzda yglan edilen «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly biraýlyk dowam edýär. Bu günler paýtagt şäherimizde we güneşli Diýarymyzyň welaýatlarynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirilip, sport desgalarynyň açylyş dabaralary giň gerim alýar. Biraýlyk mynasybetli geçirilýän çäreler bedenterbiýä we sporta höwesli bagtyýar halkymyzyň durmuşyny egsilmez şatlyga besleýär.

Gyzlar läle kakanda

Naşyja eljagazlaryny bokurdajygyna ýetirip «lä-le, lä-le, lä-le jan-a...» diýip ikiýana towlanypjyk duran gyzjagazymyza garap, öz çagalygymyzy ýatlap, süýjüje ýylgyrýan pursatlarymyz az bolýan däldir. Çaltrajyk ulalasy gelýän balajygyň maňlaýyndan öpüp durşuňyza, belki-de, özüňiz hem duýmazdan, çaga bolasyňyz gelen bolmagy hem ahmal. Ine, şeýle ýakymly duýgulary kalbymyzda oýarýan läle baýramçylygy, ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezinde bolup geçdi.

Türkmen medeniýeti dünýä ýol salýar

Daşoguz! Bu sözi agzasaň, şu gün bilen düýnüň birleşiginden başga-da, dostlugyň, doganlaryň,dünýä medeniýetleriniň we halklarynyň bir-birine ýakynlaşýan ýeri diýsek ýalňyşmarys. Çünki mart aýynyň 30-yna gadymy şäher Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Nurmuhammet Andalyp adyndaky teatrda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy boldy. Ýene şol gün GDA-dan gelen myhmanlar we öz ýurdumyzdan bu ajaýyp dabara gatnaşyjylar Köneürgençde ýerleşýän gadymy ýadygärliklere syýahat etdiler.

Zenan mertebesiniň belent sarpasy

Öňe, belent maksatlara, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ene-mamalarymyzyň ruhy wesýetlerine, mirasymyza we däp-dessurlarymyza, milli adatlarymyza mukaddes sarpa goýmak, şol mukaddeslikler esasynda ýaşlary terbiýelemek barada bimöçber işler amala aşyrylýar.

Ene mähribanlygy bagtyýarlykdyr

Ene mähribanlygy diýen jümläniň aňyrsynda ullakan many ýatyr. Ene mähri Güneş kimin ýylylygy, umman deýin giňligi aňladýar. Ene mährinde gudrat bar, güýç bar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden zenanlaryň her biri bu mukaddeslikler barada söhbet açdylar. Esasan hem, lukman zenanlaryň körpe nesliň sagdyn ösmeginiň kadalary, ene süýdüniň ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň geljegi bolan sagdyn ýaşlary kemala getirmekde alnyp barylýan işler bilen bagly gürrüňleri täsirli boldy. Bu wagyz-nesihat çäresine ýaş eneleriň gatnaşmagy onuň ähmiýetli tarapydyr.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com