Zenan kalby

Gözellik we sagdynlyk.

Hünärmenler güýz möwsüminiň gelin-gyzlaryň daş-keşbine timar bermeli döwrüdigini belleýärler. Derä, saça edilýän ýapgylar olaryň peýdaly witaminler bilen gurplanmagyna, şeýle-de gelin-gyzlaryň has hem gözelleşmegine oňyn täsirini ýetirer. Žurnalyň şu sanynda ýumurtganyň saça peýdasy hakynda maglumatlary taýýarlamagy makul bildik.

Diňe zenanlar hakynda

Erkekler salamlaşanda, bir-birleriniň elini gysýarlar, zenanlar bolsa ýöne eli ele degirmek bilen oňýarlar. Türkmen zenanlary erkekler bilen elleşmeýärler. Eger bu ýagdaý ýüze çykan halatynda, olar salamlaşýan adamsynyň tirsegini çala gysýarlar.

Ýaňy-ýakynda iňlis alymlary täsin açyş etdiler. Olaryň geçiren barlaglary sport bilen meşgullanýanlar üçin has gyzykly bolsa gerek. Barlaglaryň netijesinde hünärmenler, ogulhajat barmagy süýem barmagyndan gysga bolan gyzlaryň sport ulgamynda uly üstünlikleri gazanyp biljekdigini belli edipdirler.

Gözellik we sagdynlyk

Tomsuň yssy, gurak howasy deriniň, saçyň düzümindäki suwuklygy guradýar. Saçda, köplenç, goňak emele gelýär, eliň, ýüzüň, boýnuň bolsa hamy soýulýar. Şonuň üçin hem güýzüň gelmegi bilen gelin-gyzlar eline, ýüzüne, saçyna serenjam bermegi adatdakydan köpeldýärler. Bu işde kosmetiki serişdelerinden başga-da, öý şertlerinde taýýarlanan ýapgylar hem örän peýdalydyr. Žurnalyň şu sanynda käşirden taýýarlanýan ýapgylar hakyndaky maglumatlar gelin-gyzlar üçin gyzykly bolsa gerek.
***

Diňe zenanlar hakynda

1976-njy ýylda elektron poçtasyny ilkinji ulanan dünýä lideri — Şa zenany Ýelizaweta II-dir.
***
Aýakgap öndürmek bilen meşgullanýan telekeçileriň tabşyrygy esasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde, zenanlaryň arasynda iň kän ýaýran aýak ölçeginiň 39-njy ölçegdigi anyklanyldy.
***
Kino sungatynyň bilermenleri tarapyndan şu bellik köp kişini haýrana goýupdyr. Ýagny, 1993-nji ýylda surata düşürilen «Söýgi nämelere ukyply?» atly çeper filmiň dowamynda aktrisa Anžela Basset 35 sany dürli reňkdäki hem-de uzynlykdaky ýasama saç geýipdir.
***

Gözelligiň gözbaşy

Türkmen zenany! Bu sözde türkmen zenanynyň mertebesi, buýsanjy, ýaşaýyş-durmuşynyň mazmuny ýatyr. Zenan hakynda söz açsaň, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň:

Edepli-ekramly mylaýymzada,

Tapyp nirde bolsa alasyň geler.

Medeniýetiň beýik döwri

              Toýy uludan toýlaýan halk döwletlidir, öz şatlygyny, bagtyýarlyk döwrüni saza geçirip, belent owazy bilen wasp edip bilýän halk bagtlydyr. Halkyň medeniýeti we sungaty onuň maddy we ruhy ösüşde ýeten belent derejesini görkezýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlaryň ösüşi bir-biri bilen özara baglanyşyklydyr. Durmuşyň islendik ugrunyň, şol sanda medeniýetiň, sungatyň ösüşi beýleki ulgamlaryň ýeten derejesini we ösüşini şöhlelendirýär.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com