Zenan kalby

Tanyş owaz

Gadym eýýamlarda ýazylan küti kitaplarda: «Her bir sowala hemme kişide jogap bar» diýilýär. Ilki-başda biraz oýlandyrýan bu sözler bilen assa-ýuwaş ylalaşýarsyň. Emma sowallaryň birligine garamazdan, oňa berilýän jogaplaryň parhlydygy sende şol bir sowal bilen adamlara gaýta-gaýta ýüzlenip görmek höwesini döredýär. Sungatyna, döredijiligine sarpa goýýan adamlaryň jogaplaryny eşidip, olary öz içiňdäki taýýar jogaplar bilen deňeşdirip göresiň, öz agramyňy, iň bolmanda gozgan meseläň babatda öz sowat derejäňi saldarlap göresiň gelýär.

Öýdümlerden dörän aýdymlar

Ynsan kalby ruhubelentligiň çeşmesi bolan aýdym-saza, şygra, içi many-maňyzdan doly çeper eserlere aşyk. Aýratyn hem, dünýäsi döredijilik bilen, gözellik bilen bagly ynsanlar gaty duýguçyl, duýgur bolýarlar. Halkymyzyň gadymy hem müdimi senedi bolan ajaýyp halylary dokap, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan halyçy gelin-gyzlar babatda-da şu zatlary aýtmak ýerlikli bolsa gerek. Bu günki gün olaryň çeper ellerinden çykýan ajaýyp nagyşly, sazlaşykly, ýerlikli reňkleri gözleri gamaşdyrýan halylary göreniňde-de kalbyň heýjandan dolýar.

Dal bedewiň ganatyna atlanyp...

Mukaddes Garaşsyzlyk toýunyň öňüsyrasynda uzak Italiýa ülkesinden gelip gowşan buşluk habary tutuş halkymyzyň göwnüni has-da joşdurdy. Italiýa döwletiniň Latina şäherinde 2014-nji ýylyň 16-21-nji oktýabry aralygynda sirk sungaty boýunça Halkara festiwalynda türkmen sirkçileri arzyly birinjiligi eýeläp, nurana topragymyza ýene-de bir ýeňişli dolanyp geldiler. Mälim bolşy ýaly, bu festiwal her ýylda dünýäniň iň bir ökde, ezber, ussat sirk toparlaryny bir ýere jemleýär.

Ýakut şatlygyň tumary

Zergärleriň zikgelän şaý-seplerindäki gaşlar bezeg önümleriniň ähli görnüşlerini-de has-da owadan hem-de nepis edýär. Gaşlaryň şaý-sep bilen sazlaşyp, dürli reňkde lowurdap durmasy kalbyňa ýakym çaýýar. Gadym zamanlarda-da, entek adamlar ulanýan zatlaryna baha kesmänkäler, gymmatbaha daşlary tapawutlandyryp, olar bilen özlerini, öýlerini, egin-eşiklerini bezäpdirler. Ýöne ol döwürler gymmatbaha daşlar tebigy, häli işlenilmedik görnüşinde ulanylypdyr. Wagtyň geçip, adamzat akylynyň ösmegi bilen daşlar islendik görnüşde ýonulyp, has-da gözel keşbe getirilipdir.

Bol hasylyň nygmatlary

Golaýda Galla baýramyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda merkezinde «Rysgal başy bugdaýdyr» atly galla önümleriniň sergisi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde gurady. Serginiň geçirilmeginiň maksady telekeçilik bilen meşgullanýan zenanlaryň özara tejribe alyşmagyna ýardam bermekden hem-de olaryň zehin-ukyplarynyň, başarjaňlyklarynyň önümleri bilen halkymyzy has giňden tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Hemme gülden owadan

Mälim bolşy ýaly, gadymy hem müdimi milli mirasymyz bolan keçe taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň çeper elli gelin-gyzlarynyň arasynda «Gülüň owadan!» ady bilen ýylyň-ýylyna özara bäsleşik yglan edilýär. Bu bäsleşige güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde ýaşap, ene-mamalarymyzyň asylly kärini ýöredýän zenanlarymyzyň onlarçasy gatnaşýar. Ýakynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň bilelikde guramagyndaky bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com