2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Habarlar we makalalar

Wаtаnymyzyň ýаşyl ýаýlаlаry, seleň-sährаlаry, deňiz-derýаlаry, gojаmаn dаglаry, goýry kölegeli bаglаry ýüreklerimize joşgun berýär. Säher çаgy çyg düşen gülälekli düzleri, berekede beslenen pelleri bolsа gаnаtly аýdymlаrа öwrülýär, dilden-dile geçip, göwnümizi gаlkyndyrýаr. Аtа Wаtаnymyzyň аgrаs gyşy, görkаnа bаhаry, tyllаýy tomsy we sаhаwаtly güýzi şаhyrаnа ildeşlerimiziň her biriniň köňlüniň telwаsy, ylhаm çeşmesi.

Ýaşyl Tugum bezäninde belent daglaň çür başyny,

Bu gün dünýä garşy alýar hoşnutlygyň şuglasyny,

Togap edip, alna sylýas ak günleriň urbasyny,

Joşan diller nagma kakyp, bilbil ýaly saýraýandyr,

Mertebämiz dünýä ýaýýan Arkadagly Serdar bardyr.

 

Babadaýhan der dökende, topraga berýär nepesi,

Halka howandar ogullaň beýge galýar mertebesi,

UZAK ÝAŞ —BAGTYÝARLYK PEŞGEŞI

Asly halal ojakda, agzybir maşgalada görüm-göreldäniň, edep-ekramyň gözbaşy hasaplanylýan eneleriň biri hem Sarygül Mätiýewadyr. Ol Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Ak altyn geňeşliginde ýaşaýar. Biz golaýda bu etrabyň ýaşlar guramasynyň wekilleri bilen bilelikde Sarygül enäniň ýaşaýan obasyna bardyk.

Bu gün ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýaş­la­ry mil­li ruh­da, sag­dyn be­den­li, ösen aň-dü­şün­je­li ne­sil­ler edip ter­bi­ýe­le­mek, ola­ry dog­ry ýo­la gö­nük­dir­mek ba­bat­da nus­ga­lyk ýol-ýö­rel­ge­leri üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär.

Ta­ryh­dan mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men hal­ky yl­ma, bi­li­me, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­te sar­pa go­ýup, adam­za­dyň mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­na özü­niň my­na­syp go­şan­dy­ny go­şup ge­len, dün­ýä me­de­ni­ýe­tin­de öç­me­jek yz gal­dy­ran halk­dyr.

Şu günler dok däneli bugdaýly atyzlara, barha beýgelýän galla harmanlaryna gözüň düşende, göwnüň galkynýar. Türkmeniň dünýä belli ak bugdaýy, ondan önýän mele-myssyk çörek we çörek önümleri... — olarsyz gündelik durmuşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen howlusyna ýaraşyk berýän tamdyr bolsa keramatyň, mukaddesligiň, agzybirligiň, bolelinligiň nyşany.

Dö­re­di­ji­lik ýo­ly syr­ly wa­ka­lar­dan pü­re-pür türk­men özü­niň mil­li buý­san­jy­ny adam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na go­şup, ta­ryh­da my­na­syp yz gal­dy­ran halk. Onuň pä­him-paý­ha­sa, yl­ham-joş­gu­na ýug­ru­lan bu ýo­ly kal­byn­da dür­le­re bes­le­nen­dir. Gö­zel­lik­den yl­ham alyp, da­na­ly­ga gul­luk eden türk­me­niň bu ýo­lu­nyň göz­ba­şyn­da mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry hiç bir mil­let­de gaý­ta­lan­ma­ýan öz­bo­luş­ly gym­mat­lyk­la­ry­myz ýyl­dyz­lar ki­min dün­ýä şöh­le saç­ýar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm