2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Habarlar we makalalar

Bereket etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşi Turkmenistan-BeýikÝüpek ýolunyň ýüregi ýyly mynasybetli zenanlaryň arasynda «Ahlak päkligi zenan mertebesiniň buýsanjydyr» ady bilen dabaraly çäre geçirdiler.Oňa halyçylar, tikinçiler,bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

 

 

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini ornaşdyrmak, ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanmagyny gazanmak üstünlikli durmuşa geçirilýär.

        Düýn Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda “Sagdyn durmuş bagtyýarlygyň kepilidir" atly maslahat geçirildi. Hatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen geçirilen çärä ýurdumyzyň dürli künjeklerinden dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar

 

            Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzda kümüş saçly enelerimize, ak sakgally ýaşulularymyza goýýan hormaty çäksizdir. Ony her bir ädimde duýýan ildeşlerimiziň milli Liderimize alkyşlary çäksizdir. Ine, şular hakynda 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatyndaky «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda bolup geçen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň belent münberinden eden çykyşynda Lebap welaýatynyň Halaç şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ogulsapar Çaryýewa ene kalbyndan çykýan sözleri bilen nygtady.

          Balkan welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde yglan eden hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly gymmatly kitaby esasynda «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» at­ly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi.

          Golaýda Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň kanunçylyk namalary we halkara hukuk resminamalary boýunça «Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary» atly okuw maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm