2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Habarlar we makalalar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletiniň hem-de halkynyň bagtyýar durmuşyny, abadançylykly ösüşini gazanmak, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, ýer ýüzüniň ähli ynsanlarynyň ykbalyna dahylly beýik taslamalary durmuşa geçirmek babatda alyp baran işleri bu günki gün öz miwesini bolluk bilen eçilýär. Döwleti ösdürmegi döwürleriň esasynda, maksatnamalaýyn tutumlara daýanyp alyp barmakda Gahryman Arkadagymyz nusgalyk işleri durmuşa geçirdi.

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde badminton boýunça geçirilen çempionatda çärjewli türgen Rozygül Jumaniýazowa üstünlikli çykyş etdi. Ýekebara ýaryşda welaýatymyzyň çempiony bolan türgen ýaryşyň jübütleýin görnüşinde hem gazanylan üstünlige saldamly goşant goşdy.

Hawa, Dänew etrabyndan ýaş we zehinli türgen Lala Şöhradowa ýurdumyzyň milli zenanlar ýygyndy toparynyň düzüminde gadymy hindi topragynda geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşar. Ol şeýle hukugy golaýda aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň ýokary ligasynda çykyş edip, ikinji orny eýelemek, kümüş medalyň eýesi bolmak arkaly gazandy.

Zenanlar türkmen milletimiziň öňden gelýän asylly däplerine laýyklykda, döwlet dolandyryş we halk häkimiýet edaralarynda mynasyp orun eýeleýärler, bolup geçýän täzelenişlere, ösüşe beslenen özgertmelere işeňňir gatnaşýarlar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda joşgunly zähmet çekmegiň, görüm-göreldäniň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.

Mertebesi belent Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ussatlyk bilen ýasan ajaýyp şaý-seplerinde-de, çuň pelsepä ýugrulan şygyrlarynda-da türkmen gelin-gyzlarynyň içki dünýäsini örän nepislik bilen beýan edendigi barada örän jaýdar belleýär. Hakykatdan-da, öz ýaşan zamanasynda türkmen gelin-gyzlary üçin täsin kümüş şaý-sepleri ýasan Magtymguly atamyz özüniň şahyrana döredijiliginde-de zenan waspyny örän çeper suratlandyrypdyr.

Zenanlar türkmen milletimiziň öňden gelýän asylly däplerine laýyklykda, döwlet dolandyryş we halk häkimiýet edaralarynda mynasyp orun eýeleýärler, bolup geçýän täzelenişlere, ösüşe beslenen özgertmelere işeňňir gatnaşýarlar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda joşgunly zähmet çekmegiň, görüm-göreldäniň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm