«Düýäm bar — dünýäm bar», «Düýe menziline garar», «Düýä şor ýandak gerek bolsa, boýnuny uzadar», «Düýe — dünýä, goýun — gazna» ýaly ganatly setirleri döreden ata-babalarymyz düýe malyna aýratyn hormat-sarpa goýupdyrlar.
Halk arasynda: «Düýe çalynyň tagamy gorküýzede» diýilýär. Ene-mamalarymyz küýzeleriň içinde syrçaly, berk, saýlama küýzäni gorküýze tutunypdyrlar. Täze küýzäni gorküýze edinjek zenan ony ilki ýagşy niýet bilen ýuwup arassalaýar. Şondan soň gorküýze tutunýar. «Göz degmesin» diýip, gorküýzesine alaja dakýar.