2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Habarlar we makalalar

Türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­si, mil­li ter­bi­ýe mek­de­bi bu gün­ki gün hem asyl­ly ýö­rel­gä­miz bo­lup dur­ýar. Ga­dym­dan gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze esas­la­nyp, ýaş ne­sil­le­riň kä­mil, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi ha­kyn­da ala­da et­mek mu­kad­des bor­ju­myz­dyr. Hut şu ýö­rel­ge­den ugur alyp, ýaş­la­ra edep-ter­bi­ýe ber­ýä­ris. Esa­san hem ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­mak­la­ry üçin ki­ta­ba söý­gi dö­ret­mek ze­rur­dyr.

Hormatly Arkadagymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ajaýyp günlerinde elimize gowşan «Ömrümiň manysy» atly kitaby tutuş halkymyzda guwanç, buýsanç duýgularyny döretdi. Kitapda beýan edilýän wakalar her bir ynsana ömür menzilleri hakynda içgin oýlanyp, şu gününe, geljegine bolan garaýyşlary, pikirleri barada çynlakaý oýlanmaga ýardam berýär. Çünki ynsan ömrüniň manysy ýaşalan günler bilen däl-de, bitirilen işler bilen kesgitlenilýär. Gymmatly eserde beýan edilýän durmuşy wakalary ýaşlara, halkymyza giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda birnäçe bäsleşikler geçirilýär.

 

Keşdeçilik sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwşe eýe bolýar. Türkmen ojagynyň buýsanjy bolan enelerimiziň, göz-guwanjymyz bolan gyzlarymyzyň zehini, ukyp-başarnygy olaryň el işlerinde açyk-aýdyň görünýär.

Şu gün – 1-nji iýunda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň  bilelikde  yglan eden “Türkmen  keşdeçilik sungaty – milli  mirasymyz”atly  bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge mynasyp bolan zenanlar gatnaşdy.

Жители генгешлика Гуйчбирлешик Халачского этрапа к Празднику туркменского ковра получили прекрасный подарок – здание нового цеха Халачского предприя­тия художественного ковроделия Государственного объединения «Türkmenhaly». Его возвели специа­листы индивидуального предприя­тия «Altyn gum».

Düýn ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, ussat halyçy zenanlaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Türkmen halysynyň milli muzeýinde olary mübäreklemek dabarasy geçirildi. Toý gününde göwni galkynan ussat halyçylar buýsançly ýürek sözlerini beýan etdiler.

Arzygül KAKABAÝEWA,
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň 
halyçysy:

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm