Türkmen halkynyň çuňňur many-mazmunly, owadanlygy, nepisligi bilen göreni haýran galdyrýan halysyny, palasyny gelin-gyzlarymyz ýiti ezberlik bilen dokaýarlar. Palasyň ýüpleri goýnuň, geçiniň ýaz ýüňünden taýýarlanylýar. Ýaz ýüňi reňki gowy alýar. Palasyň nagyşlarynda gara reňk ulanylman, diňe ak, ýaşyl, gyzyl, sary reňkler salnyp, dokma daragy bilen kakma görnüşinde dokalýar. Edil halylardaky ýaly, palasyň düşek reňki gyzyl we gyrmyzy bolýar. Türkmen palasyny dokamagyň iň çylşyrymly ýeri, gelin-gyzlaryň onuň ýüzüni görmän dokamagyndadyr.