2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Habarlar we makalalar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy
döw­rün­de türk­men döw­le­ti­niň mi­ze­mez esas­la­ryny ber­kit­mek­de, de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri kä­mil­leşdir­mek­de, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry
öňe sür­mek­de, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş
ýö­rel­ge­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­de giň göw­rüm­li çäre­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da,
türk­men maş­ga­la­sy­nyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni
we berk­li­gi­ni ga­zan­mak­da, şeý­le hem ça­ga­la­ryň

Halkymyzyň ata-babalardan, ene-mamalardan dowam edip gelýän ýaşaýyş-durmuş gymmatlyklary bar. Öý, ojak, tamdyr ýaly mukaddeslikler bu gymmatlyklaryň gözbaşynda durýar.

Tamdyr türkmen öýüniň, türkmen ojagynyň döwletliliginiň özenidir. Şol sebäpli tamdyry gurmaga özboluşly çemeleşilýär. Kalby ýagşy niýetlerden doly ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tamdyr gurmaga sähetli gün girişip, ilki bilen, onuň ýerini tegeläp çyzypdyr. Soňra şol çyzgy esasynda tamdyry gurup başlapdyrlar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bir-birine sepleşip gelýän şanly seneleri bagtyýar halkymyz tarapyndan giňden dabaralandyrylýar. Bu hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň baýramçylyk dabaralarynda hem has aýdyň ýüze çykýar. Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan welaýat kitaphanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem şanly senäniň dabaralarynyň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň meýilnamasy esasynda, maşgala mukaddesligini berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, ahlaklylygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Daşoguz şäher zenanlar guramasynyň guramagynda «Öý-ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi» atly şygar astynda geçirilen maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar.

Şeýle buýsançly şygar bilen golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi hem-de onuň çäklerinde zenanlaryň el işleriniň sergisi guraldy.

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi ge­ňeşiniň hem-de arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan ugur alyp yglan edilen «Ene — döwletlilik» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda guralan bu bäsleşige onuň Aşgabat şäheri hem-de welaýatlar boýunça geçirilen deslapky tapgyrlarynda 1-nji, 2-nji orunlara mynasyp bolup, döwlet bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanan ýe­ňijiler gatnaşdylar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm