Köneden gelýän gowy söz bar: «Durmuşda gülün tikeni bar diýip, ony ýigrenen adam däl-de, diňe tikeniň güli bar diyip, ony gowy gören adam bagtly bolýar». Bu diýmek, haýsy maşgalada birek-biregiň kemçilikleri örtülip, üstün taraplary görülýän bolsa, şol maşgala hem berk bolar diýmegi aňladýar. Maňzyna düşünilende, hiç bir ynsan hem aňrybaş kämil däl. Sebäbi kämiliigiň çägi ýok. Şu jähetden, kimdir birini söýmek üçin ilki onuň sähel-mähel kemçiligine gözüňi ýummagy öwrenmeli. Özem bu «göz ýummaşaga» maşgala gurlandan soň başlamalydygyny ýatdan çykarmaly däl.