Bahar paslyny ynsan durmuşynyň iň owadan, iň gözel döwri bolan ýaşlyk ýyllaryna meňzeş görýärler. Bu, megerem, gül-gülälege beslenen ýazyň gözel görküniň parçasyna çalymdaş ynsanyň ýaşlyk döwründe hyjuwyň, joşgunyň, ukybyň, başarnygyň pajarlaýanlygy, ýaşlykda güýjüň-kuwwatyň ýeterlik bolýanlygy üçin şeýledir. Ynsanyň juwanlyk döwrüniň hiç zat bilen ornuny çalşyp bolmajak gymmatyny sarpaly tutmagyň şol döwrüň manyly geçmegine, ynsan durmuşynyň geljekki ykbalyna oňyn täsir edýändigi düşnükli hakykat.