Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi örän baý. Ösümlikler ynsanyň kesellere garşy durnuklylyk derejesini ýokarlandyrýar we şol bir wagtyň özünde kesellere garşy göreşmek ukybyny artdyrýar, bu bolsa häzirki döwürde fitoterapiýa ulgamynyň, halk lukmançylyk usullarynyň giňden ulanylýandygyny alamatlandyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bedew badyny berýän özgertmeler bu gün halkymyzyň ösen ýaşaýyş-durmuş derejesiniň beýgelmegine getirdi. Öz halkynyň aladasyny ilkinji nobatda goýýan Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň esasynda amala aşyrylýan işler, tutumly başlangyçlar ýurdumyzyň her bir raýatynyň, şol sanda mähriban zenanlaryň durmuşyna-da öz täsirini ýetirmek bilen, olary berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmegiň hatyrasyna öňde goýlan maksatlara öz goşandyny goşmaga ruhlandyrýar.
Zenanlar hakda söhbet edilende Gahryman Arkadagymyzyň: «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr» diýip, bellän sözleri kalbyňa dolýar.
Ýakynda Gökdepe etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli wagyznesihat maslahaty geçirildi. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan maslahata edara-kärhanalaryň, guramalaryň zähmetkeşleri, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri hem-de mährem eneler gatnaşdy.