2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Maslahatlar, aksiýalar

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2018-­nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygaryna beslenmegi ata­babalarymyzyň, ene­mamalarymyzyň geçmişde nesillerimize nusgalyk goýan işlerini içgin öwrenmeklige giň ýol açýar. Halkymyzda «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýlen pähim bar. Bu, dogrudanam, şeýle. Geçmişimize nazar aýlanymyzda türkmen halkynyň zähmetsöýer, merdana, dörediji, şahandaz halk bolandygyna göz ýetirýäris.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmen haly» önümçilik birleşigi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Onda berkarar döwletimiziň bagtyýar zenanlarynyň jemgyýetçilik durmuşynda, önümçilikde, maşgalada tutýan orny barada giňişleýin gürrüň edildi.

Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikdäki «Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremelerine garşy göreşiň biraýlygyny geçirmek hakynda» meýilnamasynyň çäginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli geçiren maslahatynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň dowamat-dowamy» diýlip atlandyrylmagy-da, bu maslahata Merkezi Geňeşiň agzalary bilen birlikde, telekeçi zenanlardyr ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagy-da, tötänden däldir. Çünki olary birleşdirýän bir maksat bar.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilelikde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — sagdyn maşgala gymmatlyklarynyň rowaçlanýan ýyly» atly maslahat geçirdi.

Maslahata ýurdumyzyň saglyk, bilim ulgamlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň «TürkmenistanBeýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy il-ulsumyzyň başyny göge ýetirdi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz bu ýyly uly zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm