Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygaryna beslenmegi atababalarymyzyň, enemamalarymyzyň geçmişde nesillerimize nusgalyk goýan işlerini içgin öwrenmeklige giň ýol açýar. Halkymyzda «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýlen pähim bar. Bu, dogrudanam, şeýle. Geçmişimize nazar aýlanymyzda türkmen halkynyň zähmetsöýer, merdana, dörediji, şahandaz halk bolandygyna göz ýetirýäris.