2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Balkan welaýaty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlaryň, aýratyn hem ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, olary berk bedenli, sagdyn ruhly edip terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynda esasy üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar.

Türkmen oba hojalyk institutynda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda söhbetdeşlik we el işleriniň sergisi guraldy. Maslahatda welaýat Taryhy we ülkäniň öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri, institutyň mugallymlary we talyplary täsirli söhbetler etdiler. Maslahatyň ahyrynda institutyň gelin-gyzlarynyň guran el işleriniň sergisi oňa gatnaşanlarda milliligimize, türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäriniň ajaýyp gözelliklerine bolan buýsanjy has-da artdyrdy.

 

Halkymyzy bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşatmagy özüniň baş maksadyna öwrüp, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä ýugrulan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegi netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanýar. Bu günki gün ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen gurlup, ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň sany hem ýyl geldigiçe artýar.

Dünýä döräp, eneler hakynda olary keramat derejesine ýetirýän söhbetler edilip gelinýär. Ajaýyp goşgular ýazylyp, şirinden-şirin aýdymlar aýdylýar. Her bir ýazyjy-şahyr, bagşy-sazanda özüniň döredijiliginde olara giňden orun berýär. Munuň özi enelerimize bolan söýginiň bakydygyny, beýikdigini, tükeniksizdigini aňladýar. 

Garaşsyzlyk — döwletliligimiziň, bagtyýarlygymyzyň, berkararlygymyzyň gözbaşy. «Garaşsyzlyk» diýen mukaddes söz indi 31 ýyla golaý wagt bäri dilimiziň senasydyr. Elbetde, 31 ýyl taryhy jähetden alanyňda, uly möhlet däl. Emma şu ýyllaryň içinde merdana türkmen halkymyz agzybirlik bilen yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň kuwwatly, ähli ugurlarda ösen döwletleriň hataryna goşulmagyny gazandy.

Şöhratly taryhymyza nazar aýlanymyzda, halkymyzyň hojalyk durmuşynda agaç gap-gaçlara aýratyn ornuň degişli bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Ussalar agaçdan kersenleri, çanaklary, okaralary, susaklary, çemçeleri yhlas siňdirip ýasamagy başarypdyrlar. Özümizde ösýän agaçlar çig mal bolup hyzmat edipdir. Tut, söwüt, toraňňy, dagdan ýaly agaçlardan dürli esbaplar, gurallar bilen bir hatarda, hojalykda zerur gap-gaçlar ýasalypdyr.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm