2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Balkan welaýaty

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtly zenanlaryň arasynda bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» atly bäsleşiginiň Hazar şäher tapgyry geçirildi.

Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar zenanlary Gahryman Arkadagymyzyň baş da durmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, ýaş nesliň sowatly, ylymly, bilimli, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmegi babatda uly işleri alyp barýarlar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda bagtyýar nesillerimizi milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýelemekde, önümçiligiň dürli pudaklarynda gelin-gyzlarymyz yhlasly zähmet çekýärler, ata Watanymyzda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýagşy gylyk-häsiýeti, görüm- -göreldesi bilen nusga bolýan zenanlarymyz ýurdumyzyň buýsanjy we şöhratydyr. Maşgala ojagyna wepadarlygy, el hünärine ussatlygy türkmen zenanlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda abraýyny, mertebesini beýgeldip gelýän aýratynlyklardyr. Çuňňur söýgüsi, gyzgyn mähri bilen öý-ojagyny ýyladýan zenanlarymyz milli mirasymyzy dabaralandyrmakda, ýaşlary zähmete höweslendirmekde ummasyz işleri bitirýärler.

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi.

Zenan zehininden döreýän gözellikleri ýaş gelin-gyzlara has kämil derejede öwretmek, olaryň çeper elliligini gazanmak maksady bilen geçirilýän duşuşyklar, wagyz-ündew çäreleri, maslahatlar giň gerim alýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen «Türkmen sährasynyň keşbi siňen nepislik» atly söhbetdeşlik hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara çäksiz hormat-sarpa goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryna bagtyýar zenanlar tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýärler. Häzirki wagtda zenanlar önümçiligiň dürli pudaklarynda göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm