Balkan welaýaty

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Ýürek mähri siňen sungat» atly dabaraly maslahat boldy. Hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň işläp, sünnäläp bejeren kürtesiniň, öz eli bilen ören jorabynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri, kümüş saçly eneler hem-de dürli kärde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň birleşen tagallasy bilen dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmen ruhunyň synmaz sütüni» ady bilen geçirilen maslahata edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar, ýerli şahyrlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap bölüminiň etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrap medeniýet merkeziniň tomaşaçylar zalynda medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň, şeýle hem kümüş saçly mährem eneleriň gatnaşmaklarynda guran dabaraly maslahaty baý manymazmuna eýe boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde medeniýetimiz, sungatymyz gülläp ösýär. Ýaş nesliň sungatyň dürli ugurlaryndan bilim almaklary, okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Halypa-şägirtlik ýoly üstünlikli dowam etdirilýär. Ussat halypalar şägirtleriniň ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýärler. Şeýle halypalaryň biri-de Žanna Kozlowadyr.

Welaýat kitaphanasynyň, Balkanabat şäheriniň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşiniň hem-de zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda «Arkadagyň eserlerinde melhemleriň beýany» atly söhbetdeşlik geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan ösüşler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşme-siniň, Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, TMÝG-niň etrap Geňeşi, hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde guramagynda etrapdaky 9-njy orta mek-depde «Bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar we sagdyn nesilleri» diýen at bi-len duşuşyk geçirildi. Duşuşyga etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, mekdep okuwçylary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm