2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Balkan welaýaty

Etrek etrap bilim bölüminde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşiniň, Ylym, bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap geňeşi, etrap medeniýet bölüminiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde «Zenan bagtyýarlygy—Watan abadanlygy» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdik. Oňa medeniýet ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler durmuşda zenanyň tutýan orny barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ene mukaddesligini, zenan sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-ündew maslahaty geçirildi. «Saglyk—başymyzyň göwher täji» diýen at bilen geçirilen wagyz-ündew maslahatyna medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, nebitgaz ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy ynsan saglygydyr. Adamyň beden we ruhy saglygy barada döwlet derejesinde bimöçber alada edil - ýär.

Täze ýyl baýramy mynasybetli «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly çäre geçirildi. «Bagt nury bolup gel!» ady bilen geçirilen baýramçylyk çäresine dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen çärede çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatly tutumlar barha rowaçlanýar. Döwletimizde medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, kämilleşdirip, ösdürip, geljekki nesillere ýetirmäge uly üns berilýär. Türkmen halylarynyň şan-şöhraty älem-jahana ýaýylýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan «Ýylyň iň göreldeli wagyzçy zenany» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Ösüşiň täze belentliklerini nazarla- ýan Diýarymyzyň waspçy zenanlary döwürleýin metbugat sahypalarynda çap edilen iň gowy makalalarynyň nusgasyny, teleradioýaýlymlardaky çykyşlarynyň ýazgysyny bäsleşige hödürlediler.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm