2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Balkan welaýaty

Jemgyýetimizde türkmeniň öý-ojagynyň bezegi bolan mährem enelerimizdir gelin-gyzlarymyz baradaky alada esasy orunda durýar. Zenanlar bu gün zehini, başarnygy bilen durmuşymyzyň ähli ugurlaryndaky özgerişlere işjeň gatnaşýarlar, ösüp gelýän ýaş nesle asyllylygyň, edep-ekramlylygyň nusgasyny görkezýärler. Munuň şeýledigini Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylynda geçirilýän dürli bäsleşiklerde hem görmek bolýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilen bilelikde guramaklarynda söhbetdeşlik geçirildi. «Arkadagyň paýhasyndan ak ýollara rowana» ady bilen geçirilen söhbetdeşlige kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, medeniýet, nebitgaz, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Türkmenistanyň Zenanlar geňe­ şiniň welaýat bölümi bilen bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki «Nebitçi» myhmanhanasynyň giň howlusynda geçirilen bäsleşige çeper elli zenanlaryň 44-si gatnaşdy.

Halyçylyk türkmen gelin-gyzlarynyň gadymdan gelýän el hünärleriniň biridir. Bu ajaýyp sungat nesilden-nesle geçip, barha kämilleşýär. Ýaşlaryň arasynda bu nepis sungaty wagyz etmekde Berekediň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçy gelin-gyzlary göreldeli işleri durmuşa geçirýärler. Kärhanada haly we haly önümleriniň öndürilişi ýyl-ýyldan artýar, dokalýan halylaryň hili gowulanýar. Ene-mamalarymyzyň geçmişde halydyr palasa salan gadymy nagyşlaryna zamanabap öwüşgin berlip, hala çitilýär.

«Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Seniň eliň hünäri gezsin iIden-illere» ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara baýry halyçylar, gelin-gyzlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

     Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Küşt depip, gazal çekeliň rowaçlanýan Diýarda!» atly dabaraly çäre geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Milli tans döredijiligini küştdepdisiz göz öňüne getirmek mümkin däl.«Küştdepdi» tansy türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi-idealydyr.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm