2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Balkan welaýaty

 

    Halkymyz asyrlaryň dowamynda özboluşly maddy we ruhy medeniýetini hem-de milli mirasyny nesillere geçirip, aýawly saklap gelipdir. Milli mirasymyzyň özboluşlylygy, gözelligi gadymdan gelýän şadessanlarymyzda, şekillendiriş sungatynda, milli binagärlik ulgamynda, halyçylykda, zergärçilikde, keçe we palas önümleriniň taýýarlanylyşynda, ýüpekçilikde, milli egin-eşiklerde, gelin-gyzlarymyzyň şaý-seplerinde, aýdym-sazlarymyzda, tanslarymyzda, toý dabaralaryny geçirmegiň däp-dessurlarynda özüniň beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatyny, maşgala agzybirligini berk saklamagy, arassa ahlaklylygy, türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen «Rowaçlanýan Watanymyzda bagtyýar zenanlar» diýen at bilen geçiren maslahaty işjeň häsiýete eýe boldy.

Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu gün asyrlardan aşyp, bagtyýarlyk döwrümize gelip ýeten nusgalyk medeni mirasymyz, halk döredijiligimiz, milli sungatymyz dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Bu ajaýyp hakykat hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan—rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem barha rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurt boýunça yglan eden «Toý tutulsyn rowaçlanýan Watanda» atly döredijilik festiwalynyň welaýat boýunça gözden geçirilişi hem munuň şeýlediginiň ýene bir ýola aýdyň güwäsine öwrüldi.

Bagtyýarlyk döwrümizde ata Watanymyzyň geljegi, egsilmez güýç-kuwwaty bolup durýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde ägirt uly işleri bitirýän zenanlarymyzyň döwletiň hem-de jemgyýetiň gülläp ösmeginde üstünlikli amala aşyrylýan tutumlara işjeň goşulyşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy hem-de adatlarymyzy aýawly saklaýan, el hünärlerimizi ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk göreldesine eýerýän zenanlarymyz ähli ugurlarda döredijilikli zähmet çekýärler.

Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. «Ogulabat ejäniň ýörän ýoly—ýörelge, eden işi—nusgalyk» atly aýdym-sazly dabaraly çärä ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we ak mermerli Aşgabat şäherimizden gelen köp sanly myhmanlar, mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm