2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Balkan welaýaty

Welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Arkadagyň ýörelgesi — milli mirasymyza sarpa» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa edara-kärhanalarda, bilim, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmen halky hemişe-de yryma imrinen, ýagşy niýetli her işe başlanda, gowy netije berjek aýtgylara, ynançlara eýeripdir. Halkymyzyň bu häsiýetleri milli egin-eşiklerimizde-de aýdyň görünýär. Nesilme-nesil berjaý edilip gelinýän bu yrymlaryňdyr däp-dessurlaryň esasy maksady berk jan saglyk, uzak ömür, nesil arassalygy, rysgallylyk, watansöýüjilik ýaly mukaddesliklere daýanýar. Türkmenler çagalarynyň köp bolmagyna, nesil daragtynyň pür-pudak ýaýratmagyna uly üns beripdirler. Döwletli maşgala diýlip, köp çagany ösdürip kemala getiren maşgalalara aýdylypdyr.

Ata Watanymyzy bedew batly ösüşlere besläp, halkymyzy eşretli durmuşyň eýesi eden Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözbaşyny gadymyýetden alyp gelýän baý milli mirasymyzy, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän nepis el işlerini içgin öwrenmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda eli çeper, dili şeker gözelleriň arasynda dürli bäsleşikler guralyp, olaryň ökdeden- -ökdesi ýüze çykarylýar.

Milli mirasymyzy aýawly saklamakda, olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde yhlasyny, zähmetini, ukyp-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýän zenanlaryň biri-de Akbibi Gurbannazarowadyr.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda uly ösüşlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň barha dabaralanýandygyna, paýhasly başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde giňden goldaw tapýandygyna guwanjymyz, buýsanjymyz artýar. Watanymyzyň kuwwatynyň, dünýäde abraý-mertebesiniň barha artmagynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda ýadawsyz zähmet çekýän gelin-gyzlaryňam uly goşandy bar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen söhbetdeşlik «Zenan mähek daşydyr» diýlip atlandyryldy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm