Halkymyzda zenan maşgala uly sarpa goýulýar. Zenanlar öý- ojagyň örki-özeni hasaplanylýar. Çünki türkmen maşgalasynda perzent terbiýesi, olara görelde görkezmek, öý-ojagyň esasy hysyrdylary, aladalary zenanlaryň gerdenine düşýär. Haýsy maşgalada agzybirlik bar bolsa, şol maşgalanyň ähli agzalarynyň hemişe ruhy belent, işi rowaç bolup, kalby diňe ýagşylyga ymtylar.