2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Balkan welaýaty

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Gumdag şäher geňeşi bilen bilelikde edara- -kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda maşgala mukaddesligini goramak, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak maksady bilen, wagyz-nesihat çäresini geçirdik. «Türkmen maşgalasynyň terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan galan mertlik, ene-mamalarymyzdan galan edeplilik ýörelgeleri durýar. «Maşgalam — baş galam» diýýän halkymyz ogul-gyzlarynyň döwletli öý-ojak bolup, bagtyýar ýaşamaklaryny isleýär.

Türkmen zenanlarynyň göwün gözellikleriniň beýany bolan türkmen halysynyň baýramy ýurdumyzda uludan bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem bu sungatyň şan-şöhratynyň älem-jahana ýaýylandygyny aýan edip, bu waka taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe haly döredijiligini ösdürmek, dürli görnüşli, dürli ölçegli halylary dokamak, gadymy nagyşlary dikeltmek işleri mynasyp dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara goýýan hormat-sarpasy, ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde döredýän mümkinçilikleri olaryň başyny göge ýetirýär. Munuň şeý ledigine zenanlaryň arasynda geçirilýän dürli çärelerde aýdyň göz ýetirmek bolýar. Olarda türkmen zenanlaryna mahsus bolan edep-ekramlylyk, çeper ellilik, ýaşlara berilýän zähmet terbiýesi hakynda giňişleýin söhbet edilýär.

Berkarar ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Türkmen halysy — älem sazlaşygy» ady bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada geçirilen baýramçylyk dabarasyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, halyçy gelin-gyzlar, dürli ulgamda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň öz sünnäläp tiken kürtesini we ören jorabyny Türkmenistanyň Döwlet muzeýine tabşyrmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi, şol maslahata gatnaşmak maňa-da miýesser etdi.
Munuň yzysüre Balkan welaýatynyň zenanlar bölümi tarapyndan welaýat häkimliginde hem maslahat geçirildi.Oňa “Türkmennebit” DK-nyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar hem gatnaşdylar. Maslahatyň soňunda Gahryman Arkadagymyza, türkmen halkynyň käbesi Ogulabat ejä berk jan saglyk, iň oňat arzuwlar beýan edildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Ýürek mähri siňen sungat» atly dabaraly maslahat boldy. Hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň işläp, sünnäläp bejeren kürtesiniň, öz eli bilen ören jorabynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri, kümüş saçly eneler hem-de dürli kärde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm