«Köp çagaly maşgalada agalarynyň eşiklerini inilerine, gyz doganlarynyň lybaslaryny kiçi uýalaryna geýdirmek hem ýörgünli. Şeýtmek bilen, parasatly türkmen halky perzentlerinde pespälligi, kiçigöwünliligi, özara sylag-hormaty terbiýeläpdir. Kiçiler uly doganlarynyň eşiklerini geýip, olara meňzemäge, batyr, zähmetsöýer, erjel bolmaga çalşypdyrlar». Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň «Ýaşaýyş medeniýeti» atly ilkinji bölüminde şeýle ajaýyp sözler bar.