Balkan welaýaty

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan, bir asyry arka atan ene bu gün Gahryman Arkadagymyzyň göwün galkyndyryjy beýik işlerine, eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Arkadagdan arkam bar, mirasyma sarpam bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilip, oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzda maşgalanyň abadanlygyna, agzybirligine, zenanlaryň jemgyýetde we maşgalada tutýan ornuna uly ähmiýet berilýär. Geçirilýän çärelerde bular dogrusynda täsirli gürrüňler edilýär.

Mekdebimizde aýal-gyzlaryň gatnaşmaklarynda «Maşgalam — baş galam» diýen at bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresi welaýat Baş bilim müdirliginiň zenanlar guramasy tarapyndan guraldy. Onda şäherimiziň öňdebaryjy, halypa mugallymlary çykyş etdiler.

Welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Arkadagyň ýörelgesi — milli mirasymyza sarpa» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa edara-kärhanalarda, bilim, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmen halky hemişe-de yryma imrinen, ýagşy niýetli her işe başlanda, gowy netije berjek aýtgylara, ynançlara eýeripdir. Halkymyzyň bu häsiýetleri milli egin-eşiklerimizde-de aýdyň görünýär. Nesilme-nesil berjaý edilip gelinýän bu yrymlaryňdyr däp-dessurlaryň esasy maksady berk jan saglyk, uzak ömür, nesil arassalygy, rysgallylyk, watansöýüjilik ýaly mukaddesliklere daýanýar. Türkmenler çagalarynyň köp bolmagyna, nesil daragtynyň pür-pudak ýaýratmagyna uly üns beripdirler. Döwletli maşgala diýlip, köp çagany ösdürip kemala getiren maşgalalara aýdylypdyr.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2023      Email: tzb@online.tm