Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde zenanlar hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. «Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli dessurymyzdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özboluşly öwüşgine eýe bolan bu ajaýyp ýol-ýörelge her bir zenany begendirýär, buýsandyrýar.