2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygynda “Parahatçylygy, ynanyşmagy hemde howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guraldy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen çärä ÝHHG-niň başlygy hem-de Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň we halkara düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda ählumumy we sebit derejesindäki mümkinçilikler, ýetilen sepgitler hem-de bu ulgamda öňde durýan wezipeler, adam hukuklaryny berjaý etmekde halkara konwensiýalaryň orny, dürli ýurtlaryň kanunçylyklaryna umumy ykrar edilen kadalaryň ornaşdyrylyşy we ony ýerine ýetirmegiň seljerme gurallary baradaky çykyşlar diňlenildi. Pikir alyşmalaryň çäklerinde, degişli maglumatlara laýyklykda, ähli gatnaşyjy döwletleriň zenanlarynyň hukuklarynyň goralmagyna hem-de gender deňliginiň ilerledilmegine gönükdirilen öňdebaryjy milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kemala getirmekde olaryň ösüşleri gazanandyklary bellenildi. Öz nobatynda, biziň ýurdumyzyň wekilleri bu ulgamda Türkmenistanyň kanunçylygyna syn bilen, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zenanlaryň orny hakynda çykyş etdiler. Deň hukuklar we azatlyklar, erkekler we zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek ýörelgesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasatyň ileri tutulýan baş ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Çykyş edenleriň pikirine görä, şu gezekki duşuşyk bu ulgamlarda Merkezi Aziýada hem-de onuň çäklerinden daşarda toplanylan oňyn tejribäni alyşmak üçin amatly mümkinçilik boldy. Onlaýn maslahatyň jemleri boýunça maslahat beriş häsiýetli resminamanyň kabul edilmegi bilelikdäki işiň aýdyň netijesi bolup durýar. Ýygnananlar onuň ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu resminamada bellenilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň geljekde gender deňligi we durnukly ösüş ulgamynda syýasatyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm