2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

BELENT TAGALLALARYŇ AJAÝYP MIWELERI

Her iş güni tamamlanandan soň, paýtagtymyzyň giň we arassa köçeleri bilen pyýada ýöräp, owadan binalary synlap barýarkaň, çar tarapdaky mahabat ekranlaryna, hususan-da, Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Mahabat» binasynda şöhlelendirilýän mahabatlara gözüň düşýär. Bu binanyň çar tarapa bakyp duran ekranlarynda hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň ählisiniň milli öndürijilere degişli bolmagy göwnüňe ganat baglaýar. Ine, bu mahabatlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň nobatdaky miweleri şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçip, çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli ykdysady özgertmelere badalga bermezden ozal, dükanlarymyzda we söwda merkezlerimizde alyjylara hödürlenilýän milli önümleriň görnüşlerini barmak büküp sanap bolýardy. Häzir bolsa gündelik durmuşymyzda sarp edýän önümlerimiziň esasy bölegi ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilýär. Hyzmatlar ulgamynda hem ýerli kärhanalar öňe saýlanmagy başardy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri sanlyja ýylyň içinde döwrebap iş usullaryny ýola goýup, ýokary hilli önümleri öndürmek bilen, ýurdumyzda alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan düzümleri döretdiler. Şolaryň biri hem Mary şäherindäki «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän hususy kärhanadyr. Kärhanada kämil tehnologik enjamlar arkaly dürli görnüşli we dürli ölçegdäki aýakgaplar öndürilýär. Kärhanada hormatly Prezidentimiziň telekeçileri goldamak baradaky tagallalaryndan ruhlanyp, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem iş orunlaryny köpeltmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. 2015-nji ýylda «Gerçek» hususy kärhanasyny esaslandyran Aýhan Rejepowa häzirki wagtda jemgyýetçilik işinde hem tapawutlanýar. Işewür zenan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Işewür zenanlarynyň merkeziniň Mary welaýat bölüminiň ýolbaşçysydyr. Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäklerinde «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» ady bilen geçirilen bäsleşigiň «Ýylyň işewür senagatçysy» diýen ugrunda ýeňiji bolmagy bu işewür zenanyň yhlasynyň myrat tapýandygyny görkezýär. Kärhananyň önümçilik sehlerinde zähmet çekýän işgärler işlerine uly jogapkärçilik bilen çemeleşýär. Häzirki wagtda kärhanadaky iş orunlarynyň sany 500-den geçip, şolaryň aglabasynyň gelin-gyzlardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. — Kär-hanamyzda hünärmenler tarapyndan ildeşlerimiziň isleglerini öwrenmek arkaly döwrebap, gelşikli we rahat aýakgaplaryň dürli görnüşleri öndürilýär. «Gerçek» haryt nyşanly önümleriň sanawynda, esasan, ýeňil aýakgaplar — gündelik dur-muşda we gezelenç edilende geýilýän aýakgaplar, mata köwüşler, şeýle hem lukmançylyk edaralarynyň işgärlerine niýetlenilen aýakgaplar bar. Soňky wagtlarda kärhanada halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ulanylyp bilinjek ädiklerem öndürilip başlandy — diýip, Aýhan Rejepowa gürrüň berýär. Dogrudan-da, kärhanada öndürilýän önümleriň köpdürlüligi haýran galdyrýar. Işewür zenanyň aýtmagyna görä, bu ýerde ýylyň dört paslynyň her birinde geýmek üçin ýörite niýetlenen aýakgaplaryň 600-e golaý görnüşi taýýarlanylýar. Awtomatlaşdyrylan önümçilik kärhanasynda Türkiýe Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Kärhanada birnäçe bölüm hereket edip, olaryň her birinde işiň dürli tapgyrlary amala aşyrylýar. Mysal üçin, bir bölümde aýakgaplaryň aşaky bölegi guýulýan bolsa, beýleki birinde olaryň ýokarky bölegi taýýarlanylýar we bezelýär. Ýene birinde aýakgaplaryň sapakdan örülýän bölegi taýýarlanylýan bolsa, beýlekisinde ähli bölekler birleşdirilip, önüm taýýar görnüşe getirilýär we barlaghana ugradylýar. Işewür zenan bilen söhbetdeş bolup, onuň bu işe girişmegi hem-de kärhanasynyň önümçilik kuwwatlylygy bilen gyzyklananymyzda, ol: — Hormatly Prezidentimiziň belent tagallalarynyň netijesinde türkmen telekeçilerine dünýä tejribesini öwrenip, ýokary hilli önümleri öndürmek ugrunda uly mümkinçilikler döredildi. Men hem 2015-nji ýylda Türkiýe Respublikasyndaky iri aýakgap kärhanalarynyň birinde bolanymda, telekeçiligiň bu görnüşiniň ýönekeýligine göz ýetirip, haýal etmän bu ugurda işe girişmeli diýen karara geldim. Ilkibaşda, esasan, çagalar üçin niýetlenen aýakgaplary öndürmegi ýola goýan hem bolsak, bu gün islendik ýaşdaky adamlara niýetlenen önümlerimiz bar. Kärhanamyzyň önümçilik kuwwaty ýylda 19,5 million jübüt aýakgap öndürmäge niýetlenen. Emma häzirki wagtda bazaryň islegini göz öňünde tutup, ýylda 5,5-6 million jübüt köwüş öndürýäris. Olar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Owganystan Yslam Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy ýaly goňşy döwletlerde hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Geljekde bolsa, biz önümlerimiziň hilini yzygiderli ýokarlandyryp, Russiýa Federasiýasyna we beýleki Ýewropa döwletlerine eksporty ýola goýmagy maksat edinýäris — diýip gürrüň berdi. Söhbedimiz Garaşsyz döwletimizde hususy işewürligiň ösdürilişi we telekeçiligi alyp barmagyň aýratynlygy, bu işlerde hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň şert-mümkinçilikleriniň ähmiýetine ýazanda, kärhananyň ýolbaşçysy: — Ýurdumyzda senagatçylygy ösdürmek we te-lekeçilik bilen meşgullanmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň saýasynda telekeçilere ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýeňillikli karzlaryň üpjün edilmegi, şeýle hem ýurdumyzda önümçilik üçin zerur bolan çig mal serişdeleriniň, elektrik energiýasynyň bahalarynyň ujypsyz bolmagy önümiň özüne düşýän gymmatynyň amatly bolmagyna ýardam edýär. Şunlukda, hili boýunça daşary ýurt harytlaryndan birjik-de kem bolmadyk milli önümlerimiz has elýeterli bahasy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Bize — işewür senagatçylara we telekeçilere halal zähmet çekip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda giň şertleri döredip berýän hem-de her bir işde nusgalyk görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! — diýip, çuňňur kalbyndan çykýan alkyş sözlerini beýän etdi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz ýaly, «Gerçek» hususy kärhanasynyň agzybir işgärleri hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly zähmet ýeňişleri we mynasyp toý sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýärler. Biz hem olaryň alkyşa beslenen ýürek buýsançlaryna sesimizi goşup, Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda edýän ýadawsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris.

Ahmet GELDIÝEW, «Watan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm