Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň öz sünnäläp tiken kürtesini we ören jorabyny Türkmenistanyň Döwlet muzeýine tabşyrmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi, şol maslahata gatnaşmak maňa-da miýesser etdi.
Munuň yzysüre Balkan welaýatynyň zenanlar bölümi tarapyndan welaýat häkimliginde hem maslahat geçirildi.Oňa “Türkmennebit” DK-nyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar hem gatnaşdylar. Maslahatyň soňunda Gahryman Arkadagymyza, türkmen halkynyň käbesi Ogulabat ejä berk jan saglyk, iň oňat arzuwlar beýan edildi.
Ogulbibi Şyhyýewa
“Türkmennebit”DK-nyň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligiň uly proraby, konserniň zenanlar guramasynyň başlygy
“Nebit-gaz”gazeti