2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

Maşgalam — baş galam

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Gumdag şäher geňeşi bilen bilelikde edara- -kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda maşgala mukaddesligini goramak, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak maksady bilen, wagyz-nesihat çäresini geçirdik. «Türkmen maşgalasynyň terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan galan mertlik, ene-mamalarymyzdan galan edeplilik ýörelgeleri durýar. «Maşgalam — baş galam» diýýän halkymyz ogul-gyzlarynyň döwletli öý-ojak bolup, bagtyýar ýaşamaklaryny isleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlar aşyp gelýän ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz mynasyp dowam etdirilýär» diýip, çykyş edenler bellediler. Milli medeniýetimizi, mirasymyzy öwrenmäge, geljekki nesillere ýetirmäge giň ýol açan mähriban Arkadagymyza alkyş aýtdylar.

Amangözel Eşerowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gumdag şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm