2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

“Sagdyn çagalar biziň röwşen geljegimizdir”

2021-nji, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Hormatly Prezidentimiziň Enäniň we çaganyň Saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde eden taryhy çykyşynda “Sagdyn ene-sagdyn çaga- sagdyn geljek” diýen şygary esasynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edara-kärhanalarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda “Sagdyn çagalar biziň röwşen geljegimizdir” diýen at bilen wagyz-nesihat maslahatlary geçirildi.

Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni ýudumyzda giňden bellenilip geçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen alnyp barylýan her bir döwletli işler, halkymyz tarapyndan uly goldaw tapýar. Watanymyzyň geljegi bolan çagalar hakda edilýän aladalar hem bimöçberdir. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Hormatly Prezidentimiziň Enäniň we çaganyň Saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine barmagy we merkezde bejergi alýan çagalar, olaryň ejeleri hem-de lukmanlar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýyny soramagy halkymyzda uly buýsanç doretdi. Bu babatda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar hem buýsanç bilen ör boýuna galdylar. Sebäbi her bir ene özüniň perzendiniň sagdyn we kämil bolmagyny arzuwlaýar. Bu ajaýyp arzuwlar bolsa bu günki gün Lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen hasyl bolýar. Şular ýaly ýurdumyzda geljekgi nesiliň saglygy barada edilýän tagallalary wagyz etmek maksaday bilen 2021-nji, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Hormatly Prezidentimiziň Enäniň we çaganyň Saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde eden taryhy çykyşynda “Sagdyn ene-sagdyn çaga-sagdyn geljek” diýen şygary esasynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edara-kärhanalarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda “Sagdyn çagalar biziň röwşen geljegimizdir” diýen at bilen wagyz-nesihat maslahatlary geçirdiler.
Maslahatlarda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Enäniň we çaganyň Saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň wekilleri, şeýle hem bilim işgärleri ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatdaky edilýän taýsyz tagallalar, nesilleriň abadançylygynyň hatyrasyna alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çykyş edenler ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar dumuşy barada uly aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TZBMG baş hünärmeni
O.Gandymowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm