2022-nji,
"Halkyň Arkadagly Zamanasy"

“Düzgünleri kämilleşdirýän borçnamalary esaslandyrmak we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek”

2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda “Düzgünleri kämilleşdirýän borçnamalary esaslandyrmak we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek” atly sebitleýin maslahat geçirildi.
Bu çäre Birleşen Miletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň guramagynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi. Çäräniň esasy maksady “Ýagtylygyň şöhlesi” atly sebitleýin başlangyjynyň çäklerinde gender meseleler boýunça sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Maslahatyň dowamynda 2021-nji ýylyň 9-31-nji martynda Meksikada geçirilen “Deňligiň nesli” atly forumynda, “BMG Zenanlar” düzüminiň goldamagynda, hereketleriň Koalisiýalary döredilendigi barada aýdyldy. Maslahata gatnaşan Merkezi Aziýa we Owganystan ýurtlarynyň wekilleri gender deňliginde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada pikir alyşdylar we täze döredilen Koalisiýalar bütindünýäde zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde täze itergi bolup hyzmat eder diýip nygtadylar.

Öz habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2022      Email: tzb@online.tm