2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

maslahat duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 28-29-njy iýunynda BOMKA Maksatnamasynyň 10-njy tapgyrynyň çäklerinde amala aşyryljak çäreleri beýan etmek üçin maslahat duşuşygy geçirildi.
Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň guramagynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi. Çäräniň esasy maksady Ýewropada Bileleşiginiň BOMKA sebit taslamasynyň çäklerinde serhetleri dolandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek boldy. BOMKA sebit taslamasyna Merkezi Aziýa we Owganystan ýurtlary gatnaşýarlar, Latwiýa Respublikasynyň Serhet gullugy bolsa BOMKA 10 taslamanyň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça utgaşdyryjy hökmünde çykyş edýär. Duşuşygyň dowamynda taslamanyň ugurlary, ýetilen sepgitler we garaşylýan netijeler barada aýdyldy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm