2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

ROWAÇLYK DIWANY

Gah­ry­man Ar­ka­dagy­my­zyň «Türkme­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly aja­ýyp ki­ta­byn­da go­ja­man ta­ry­hyň öw­rüm­li ýolla­ryn­da hal­ky­my­zyň dö­re­den hem-de asyr­larbo­ýy sün­nä­läp, dur­mu­şy­nyň aýryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry ha­kyn­da diý­seň ma­ny­ly, çuň maz­mun­ly söh­bet açyl­ýar. Ki­ta­byň ilkin­ji sa­hy­pa­la­ryn­dan baş­lap, oky­jy­ny özüne ben­di edip bil­ýän ýaz­gy­lar se­ni Oguz han ata­myz, Gor­kut ata da­na­myz, Gö­rogly beg, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýa­ly be­ýikbe­ýik şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň go­ýup gi­den ýolýö­rel­ge­si­niň um­ma­ny­na akyl ýe­tir­mä­ge ta­rap alyp gid­ýär.

Meş­hur akyl­dar­la­ryň bi­ri­niň «Ga­dymy­ýe­te sar­pa goý­mak so­wat­ly­ly­gyň haky­ky ala­ma­ty­dyr» di­ýşi ýa­ly, hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň geç­miş ta­ryhy­na, mil­li, me­de­ni mi­ra­sy­my­za goý­ýan be­lent sar­pa­sy­nyň aňyr­syn­da ata-ba­bala­ry­my­zyň çäk­siz ar­zuw-hy­ýal­la­ry, buýsançlary hem mert­li­gi ýa­tan­dyr.

Hal­ky­my­zyň mil­li aý­ra­tyn­ly­gy­ny ta­ry­hy kök­le­ri bi­len açyp gör­kez­ýän ýol-ýö­relge­ler hal­kyň he­mi­şe hem­ra­sy bo­lup­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ze­hi­nin­den, köp­gy­raň­ly yl­ha­myn­dan dö­rän bu aja­ýyp ki­ta­byň eli­mi­ze gow­şan gü­nün­den başlap, bi­ziň ýolgör­ke­zi­ji şam­çy­ra­gy­my­za öw­rü­len­di­gi­ni guwanç bilen aý­da­sym gelýär. Se­bä­bi ki­ta­byň «As­man­dan ar­ka­ly — Ze­min­den zy­nat­ly» at­ly bi­rin­ji bö­lü­min­den baş­lap, beý­le­ki äh­li bö­lüm­le­ri bi­ze ter­bi­ýe mek­de­bi bo­lup dur­ýar.

Pe­der­le­ri­mi­ziň sün­nä­läp bi­ze gal­dyran ýol-ýö­rel­ge­si diý­seň aý­dyň. Ol haýsy döw­re de­giş­li­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, edil şu gün dö­re­di­len ýa­ly nur sa­çyp, adamla­ra yn­san­lyk bor­ju­ny ber­jaý et­mä­ge, bi­rek-bi­rek bi­len mä­hir­li, dos­ta­na gat­naşyk­da bol­ma­ga, ag­zy­bir­li­gi sak­la­ma­ga, zäh­met­sö­ýer­li­giň, gaý­rat­ly­ly­gyň göz­başy­ny tap­ma­ga, myh­man­sö­ýer­li­giň düýp ma­ny­sy­na dü­şün­mä­ge, ne­sil ter­bi­ýe­si­ni ber­me­giň kä­mil­li­gi­ne, ylym-bi­li­miň ýüz­leý bol­maz­ly­gy­na — şu aý­dy­lan­la­ryň äh­li­siniň bol­sa, sag­lyk bi­len, abat­lyk bi­len mäkäm bag­ly­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär­siň. Ine, şu me­se­le­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly aja­ýyp ki­ta­by çäk­siz gym­ma­ta eýe­dir.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len hal­ky­myz geç­miş mi­ra­sy­my­zy kem­siz öw­ren­mä­ge, ata-baba­la­ry­my­zyň aras­sa, ha­lal ýol-ýö­rel­ge­leri­ni sa­pak edin­mä­ge we ony tä­ze döwrüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy. Şu ýer­de ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­riň, gu­rul­ýan des­ga­la­ryň, dün­ýä halk­la­ry bi­len yk­dy­sady, me­de­ni we gu­ma­ni­tar ul­gam­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ry­nyň kök­le­ri­niň ju­da aňyr­dan gaýd­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanan Türk­menis­ta­nyň ta­ry­hyn­da yz go­ýan şah­sy­ýetle­riň gal­dy­ran ede­bi, yl­my mi­ras­la­ryn­da, gu­ran, gur­du­ran be­ýik-be­ýik bi­na­la­ryn­da biz öz ta­ry­hy­my­zyň şan­ly sa­hy­pa­la­ry­ny gör­ýä­ris. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu aja­ýyp ese­ri bol­sa, bi­ze ta­ryh­dan entek bil­me­ýän zat­la­ry­my­zy aýan ed­ýär. Bu zat­la­ryň ne­sil ter­bi­ýe­si üçin ne­neň­si gym­mat­ly­dy­gy­ny aýt­mak bi­len, di­ňe bilim-ter­bi­ýe ul­ga­my­nyň däl, eý­sem, her bir ata-enä­niň kal­byn­da bi­möç­ber yna­my, buý­san­jy dö­red­ýän­di­gi­ni hem bel­le­me­lidi­ris.

Ki­tap­da ge­ti­ri­len ro­wa­ýat­lar, tym­sal­lar, na­kyl­lar­dyr ata­lar söz­le­ri­niň ju­da jü­pü­ne dü­şen­di­gi­ni hem aýt­ma­gy­myz ge­rek. Munuň özi mil­li Li­de­ri­mi­ziň halk dur­mu­şy­ny, ýol-ýö­rel­ge­si­ni, ta­ry­hy­ny, ede­bi­ýa­ty­ny, döre­di­ji­li­gi­ni çäk­siz go­wy bil­ýän­di­gi­niň, oňa aý­ra­tyn hor­mat-sar­pa goý­ýan­dy­gy­nyň neti­je­si­dir.

Goý, şeý­le aja­ýyp ki­tap­la­ry hal­ky­myza sow­gat be­rip be­gen­dir­ýän Gah­ry­man ­Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, tutum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Oguljennet ALLAMYRADOWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm