2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞTUTANLYGYNDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGY-DOSTLUK, DOGANLYK GATNAŞYGYNYŇ NYŞANY HEM-DE ÝURDUMYZDA GENDER DEŇLIGINIŇ OŇYN ÖSÜŞI

2021-nji, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde geçiren “Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy-dostluk, doganlyk gatnaşygynyň nyşany hem-de ýurdumyzda gender deňliginiň oňyn ösüşi” atly maslahat we tele ýazgy geçirildi.
6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guarmalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda “Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy-dostluk, doganlyk gatnaşygynyň nyşany hem-de ýurdumyzda gender deňliginiň oňyn ösüşi” atly maslahat we tele ýazgy geçirildi. Maslahatda we tele ýazgyda çykyş edenler geçirilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda-dialogyň baş mowzugy döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, durmuş-ykdysady, medeni hem-de ylmy gatnaşyklary ösdürmekde, saglygy goraýyş ulgamy babatyndaky gatnaşyklary ösdürmekde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmakdyr diýip belländiklerini aýtdylar. Maslahatyň dowamynda onuň gün tertibine zenanlaryň döwlet jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, özgertmeleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatyndaky meseleler hem girizilendigini bellediler.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar dumuşy barada uly aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Öz habarçymyz

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm