2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

«GÜLÜŇ OWADAN» BÄSLEŞIGINDE

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her ýylynda medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda, ony ýaşlarymyza öwretmekde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzyň arasynda birnäçe bäsleşikler geçirilýär. Çünki, öz gözbaşyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň şu günlere gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň zähmeti uludyr.
Golaýda Sakarçäge etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda bagtyýar döwrümiziň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen “Gülüň owadan” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi. Bu bäsleşigiň her ýylda guramaçylykly geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bäsleşigiň maksady türkmen öýleriniň, toýlarynyň bezegi bolan keçelerimiziň taýýarlanylyşyny ýaşlara öwretmekden, olarda ata-babalarymyzdan galan bu gymmatly mirasymyza bolan söýgini döretmekden ybaratdyr.
Bäsleşige welaýatymyzyň ähli etraplaryndan, şäherlerinden gelen çeper elli zähmetsöýer zenanlary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine görä, işine ezber zenanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak üçin gerek bolan ýüňleri saýlap almak, saýmak, daramak, boýamak we keçe taýýarlanyljak gamşy dokamak boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Gadymdan gelýän keçe sungaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny özünde jemleýär. Olara salynýan nagyşlar özleriniň aňladýan manylary bilen tapawutlanypdyr. Ol nagyşlarda enäniň gyzyna berýän öwüdi, söwer ýara bolan wepasy, edepli-ekramly zenanyň ene-atasyna, agasyna bolan sarpasy janlandyrylýar. Çeper elli zenanlarymyz milli keçelerimiz bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, keçe nagyşlarynyň, gülleriniň gelip çykyşyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary gazallaryň, aýdyşyklaryň üsti bilen joşgunly ýerine ýetirdiler.
Bu ýerde işlerine ussat gelin-gyzlarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň aýratynlyklaryna görä, gadymy milli “Ak tüýnük”, “Gyzyl tüýnük”, “Gözenek”, “Saýlan”, “Gülýaýdy”, “Sekiz goçak”, “Gapyrga”, “Içýanagyz”, “Tazy guýruk” ýaly nagyşlary salyp, keçelerimizi güllemekde bäsleşdiler.
TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowanyň, welaýat medeniýet müdirliginiň baş hünärmeni Gözel Begliýewanyň, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, kümüş saçly ene Täji Annageldiýewanyň eminlik etmeginde ökdeler öňe saýlandylar.
Şeýlelik bilen, Ýolöten etrabynyň «Älemgoşar» ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Aýjahan Angalowa birinji, Garagum etrabynyň medeniýet öýüniň işgäri Enejan Kadyrowa ikinji, Sakarçäge etrabynyň medeniýet öýüniň işgäri Almatäç Berdiýewa we Baýramaly şäherindäki 20-nji çagalar bagynyň usulçy terbiýeçisi Bibi Hümmedowa bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara hem-de oňa gatnaşanlara ýadygärlik we höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”. TZB-niň işjeň agzasy.
SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar. Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm