2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

2021-nji, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan gelip çykýan wezipeleri barada teleýazgy guraldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýy, dünýä syýasatyndaky orny has-da belende galýar. Ýagny, ýurdumyzda geçirilýän halkara derejesindäki ylmy-amaly maslahatlar, halkars sergiler, halkara ýryşlar, halkara festiwallar hem-de halkara forumlar bu aýdylanlara aýdyň güwä geçýär. 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Awazada” geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem şolaryň biridir. Forumyň dowamynda sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Bu babatda şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan gelip çykýan wezipeleri barada teleýazgy guraldy. Teleýazga ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşyp, öz çykyşlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilmeginiň esasy maksady gender deňligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän syýasata syn bermek hem-de sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň arasynda durmuş-ykdysady, saglygy goraýyş, medeni we ylmy ugurlary boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen gepleşikleri ilerletmek bilen bagly meselelere garalandygyny, duşuşyga gatnaşyjy döwletleriň milli önümleriniň sergisiniň we tagamlarynyň festiwalynyň guralmagy bolsa, ýurtlaryň arasyndaky özara arabaglanyşygy, myhmansöýerlilik, millilik ýörelgelerini mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdygyny, medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bolsa, ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dabaralýandygyny, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has berkeýändiginiň aýdyň subutnamasy boldygyny belläp geçdiler.
Maslahata gatnaşanlar ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

Öz habarçymyz

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm