2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 24-31-nji iýuly aralygynda Daşoguz welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Daşoguz welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda Welaýat häkimliginde, Daşoguz şäheriniň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde we etrap medeniýet öýlerinde,
2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň Enäniň we çaganyň Saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Milli Liderimiziň
“Sagdyn ene- sagdyn çaga-sagdyn geljek” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, “Sagdyn maşgala, sagdyn jemgyýet” atly wagyz – nesihat maslahaty geçirildi.
Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sagdyn maşgalany kemala getirmek, çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan işleri, türkmen zenanlarynyň edep-terbiýesini, däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, şeýle hem maşgala mukaddesligini, saglyk syýasatyny wagyz etmek maksady bilen Daşoguz welaýat häkimliginde, Daşoguz şäheriniň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde we etrap medeniýet öýlerinde wagyz nesihat çäreleri geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň saglygyny goramak, aýratynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek ugrunda ähli tagallalary edýär. Döwletimiz tarapyndan biziň röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň ösen, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, olaryň yhlasly okamaklary üçin zerur bolan ähli şertleri döredilýär. Ýaş neslimiziň döwrebap, sazlaşykly terbiýe alyp, arassa ahlakly, bilimli, sagdyn, ylymyň soňky gazanalaryndan habarly, giň dünýägaraýyşly, Watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, ene-mamalarymyzdan miras galan edep-ekramlylygy, ahlaklygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini aýawly saklamak we dowam etdirmek, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgeleri we çaganyň irki ösüşi barada bu dabaraly maslahatyň barşynda täsirli gürrüňler etdiler. Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem bilim işgärleri çykyşlarynda ösüp, kemala gelýän ýaş nesillerimizi terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy, arassaçylyk-ahlak kadalaryny, wagyz edýän çäreleriň yzygiderli guralmagynyň uly ähmiýete eýe bolýandygy barada giňden belläp geçdiler.
Bu dabaraly maslahata gatnaşanlar ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürýän hem-de Türkmenistan döwletimizi ak ýollar bilen ýokary üstünliklere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Daşoguz welaýat häkimliginiň Bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, jemgyýetçilik guramalaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini utgaşdyryjy bölüminiň esasy hünärmeni L. Akbaýewa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm