2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

ZENAN KALBY BEZEGIDIR ZEMINIŇ, DÜNÝÄ ŞAMÇYRAGYDYR ZENAN EDEBI

2021-nji, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny, hem-de hormatly Prezidentimiziň “Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ene-mamalarymyzdan gelýän milliligimizi, däp dessurlarymyzy, edep-terbiýäni wagyz etmek maksady bilen “Zenan kalby bezegidir zeminiň, dünýä şamçyragydyr zenan edebi” atly maslahat geçirildi.
Ajaýyp ýurdumyz, Türkmenistan, örän gysga wagtyň içinde ägirt uly taryhy ýoly geçdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň at-abraýy juda ýokarlandy. Halkymyzyň köpasyrlyk ruhy-ahlak ýörelgeleriniň çuňňur köklerini öwrenip, medeniýetimiziň beýikligine guwanýarys.
Bu günki günde ene-mamalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgeler, däp-dessurlar mynasyp dowam etdirilip, Arkadagly ýurtda medeni mirasymyzyň has-da ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Şeýlikde 2021-nji, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny, ene-mamalarymyzdan gelýän milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni wagyz etmek maksady bilen “Zenan kalby bezegidir zeminiň, dünýä şamçyragydyr zenan edebi” atly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzyň tutuş adamzadyň durmuş tejribesi bilen aýrylmaz baglanşyklydygyny yzygider nygtaýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem türkmen halky asyrlarboýy nesli belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegiň nusgalyk mekdebini görkezip gelýändigini, munda asylly enelerimiziň hyzmaty örän uly bolup, olar öz paýhasy, sabyrlygy, ündewi bilen milli jebisligimizi berkitmäge, ýaşlarymyzy belent watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge mynasyp goşantlaryny goşýandyklary dogrysynda aýdyp geçdiler.
Maslahatda çykyş edenler milliligimizi öwrenmäge, ýaş nesillerimize ýetirmäge uly ýol açan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Öz habarçymyz

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm