2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

MILLI MIRAS-GENJI HAZYNAM

2021-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramaklarynda UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen ýurdumyzyň medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek maksady bilen “Milli miras-genji hazynam” atly duşuşyk geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan, jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan milli-ruhy medeni mirasymyzy öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň döreden medeni-ruhy, taryhy ähmiýetli mirasynyň naýbaşy nusgalaryny umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň sanawyna salmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) bilen bilelikde tutumly işler alnyp barylýar.
Soňky ýyllarda UNESCO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilen “Görogly dessançylyk sungaty”, “Nowruz baýramy”, “Küştdepdi aýdym we tans dessury” we “Türkmen milli halyçylyk sungaty” geçirilýän işleriň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen “Milli miras-genji hazynam” atly duşuşyk şol medeni gymmatlyklarymyzy zenanlaryň arasynda giňden ýaýmaklyk we wagyz etmeklik bolup durýar.

Ýörite habarçymyz

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm