2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

“PARAHATLYK, YNANYŞMAK-ÝÖRELGE, GAHRYMAN ARKADAGYMYZ NUSGA, GÖRELDE” ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

2021-nji, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we “Zenan kalby” žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda döredijilikli işleýän zenanlary hem-de žurnalyň okyjylaryny ýubileý ýylymyzda yhlasly zähmete çagyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen “Parahatlyk, ynanyşmak-ýörelge, Gahryman Arkadagymyz nusga, görelde” atly döredijilik bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň dabaralýan günlerinde geçirilen “Parahatlyk, ynanyşmak-ýörelge, Gahryman Arkadagymyz nusga, görelde” atly bäsleşik ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarymyzyň zehin-başarnygyny açyp görkezmegine giň mümkinçilikleri döretdi. Olaryň eserlerinde hormatly Prezidentimiziň mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza goýýan hormat-sarpasy, döredip berýän amatly şertleri, ýeňillikleri, zenanlarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent sepgitleri giň beýanyny tapdy. Bäsleşik ýörite döredilen emin agzalary tarapyndan guramaçylykly hem-de adalatly jemlendi.
“Parahatlyk, ynanyşmak-ýörelge, Gahryman Arkadagymyz nusga, görelde” atly döredijilik bäsleşiginde Tylla Öwezowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri “Zeminiň peşgeşi” atly makalasy üçin baş baýraga eýe boldy. Ajemal Omarowa, “Türkmenistan” gazetiniň bölüm redaktory “Ömrüň altyn pursatlary” atly hekaýasy üçin 1-nji orna mynasyp boldy. Ogulbeg Jumaýewa, “Nesil” gazetiniň bölüm redaktory “Sary seçek başynda” atly makalasy üçin 3-nji orna mynasyp boldy. Gülşat Taganowa, “Ahal durmuş” gazetiniň uly habarçysy “Mirasym-mertebäm” atly makalasy üçin, şeýle hem Aýsenem Gurbanowa, “Watan” gazetiniň habarçysy “Ýanýoldaş” atly ýatlamasy üçin 3-nji orna mynasyp boldylar. Täzegül Ýaýlymowa, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Çagalar we ýetginjekler öýüniň gurnak ýolbaşçysy “Gülzarlyga öwrülen ballar mekany” atly makalasy üçin we Çynar Tirkişowa, Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň ýaşaýjysy “Halk häsiýetiniň hikmeti” atly makalasy üçin höweslendiriji baýraga mynasyp boldylar.
Şeýle many-mazmunly we gyzykly geçirilen döredijilik bäsleşige gatnaşanlar ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar dumuşy barada uly aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Öz habarçymyz

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm