2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

ARKADAGLY DÖWÜRDE-BAGTYÝARDYR ZENANLAR

2021-nji, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 04-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasybetli “Arkadagly döwürde-bagtyýardyr zenanlar” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň juda jaýdar belleýşi ýaly ata Watanymyzyň iň täze taryhy, häzirki ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Türkmen halky ähli ulgamlarda gazanýan belent sepgitlerini ajaýyp toýdur baýramlar bilen utgaşdyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslendi. Ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinligi bu günki gün hasyl boldy. Türkmen paýhasynyň hoşniýetlilik, parahatçylyk söýjilik, ynsanperwerlik, ylalaşykly ýaşamaga çalyşmaklyk ýaly milli däplerini özünde jemleýän Bitaraplyk daşary syýasat ugruny saýlap almagy ýaş türkmen döwletiniň gazanan ilkinji we iň esasy ýeňişidir. Mukaddes Gaşraşsyzlyk baýramymyza Hormatly Prezidentimiz öziniň ýene bir taryhy, ýagny “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly täze eserini halkymyza peşgeş berdi. Ýaňy ýakynda 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda ajaýyp paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyly içinde gazanylan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Arkadagly döwürde-bagtyýardyr zenanlar” atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu dabaraly pursatlar barada maslahata gatnaşan hormatly myhmanlarymyz uly buýsanç bilen çykyş etdiler we ýurdumyzyň at-abraýyny ýokarlandyran Mähriban Arkadagymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar, Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler!

Öz habarçymyz

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm